Şypa Üçin Dogalar (#11996)

Ähli atlary gurşap alanyň Ady bilen.
    Ylahym, Ylahym! Seniň şypa deňziň we Seniň röwşen eden Jomartlyk nurunyň ýalkymynyň hatyrasy üçin, Seniň bendeleriňi gurşap alan Adyň we Seniň uly Kelamyň güýjüniň hatyrasy üçin, Seniň Agla Galamyň Başarjaňlygy we ýer-gögüň ýaşaýjylaryndan ozduran Merhemetiň hatyrasy üçin, meni Rähmet we Kerem suwy bilen ähli beladan, keselden we ejizlikden ýuwarsyň diýip Saňa ýalbarýaryn.
    Ýa Reb! Seniň Sahylyk we Kerem dergähiň gaşynda duran, bu pahyry görýänsiň. Seniň Rähmet tanabyňdan ýapyşan bu umytlyny görýänsiň. Onda, ony Jomartlyk deňziňden we Enaýat güneşiňden isleýän zatlaryndan näumyt eýleme. Sebäbi Sen islän zadyňy başarýansyň. Senden özge Geçirimli we Mähriban Alla ýokdur.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Şypa Üçin Dogalar (#11995)

Ýa Ylahym! Adyň şypadyr, Zikriň dermanym. Ýanyň arzuwymdyr, Mähriň hemdemim. Bu dünýe, ol dünýe Rähmetiň, tebibim hem ýarymdyr. Sensiň Sahy, Dana we Görüji.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Şypa Üçin Dogalar (#11997)

Ylahym, Ylahym! Seniň Baýlyk gapyňy maksat edinen bu garyby görýänsiň. Seniň Derman deňziňde ýüzmäge gelýän bu bimary görýänsiň. Seniň Adalatyňa we Rähmetiňe wasyl bolmagy niýet edinen bu mazlumy görýänsiň. Seniň Aýdyňlyk daňyň ýalkymynyň we Seniň saýlanlaryň göwnüni tapan Kelamyň hatyrasy üçin meni Öz Döwranyň baýlygyndan hem Öz Aýatlaryň hoş ysyndan mahrum eýleme. 
    Barhudaýa! Eý illeriň Serweri we bu dünýä we ahyrýetiň Eýesi! Seniň Agla şapagyňa ýüz tutanymy hem Seniň tanabyňdan ýapyşanymy görýänsiň. Senden şeýle dileýärin: Ýanyňdaky zatlaryňdan meni näumyt eýleme, hem ähdi-peýmanyndan dänmedik, Seniň didaryň arzuwynda gurbanlyk meýdanyna baran, Seniň ýoluňda janlaryny pida eden iň ýagşy bendeleriňe beren zatlaryňdan meni näumyt eýleme. Eý atlaryň Taňrysy we Eý asmanlary Ýaradan! Seniň uly we belent mertebe Adyň hatyrasy üçin meniň günälerimi, enemiň we atamyň hatalaryny hem Seniň söýgi tanabyňdan ýapyşýan, Seniň donuň eteginden asylyşýan bendeleriň ýalňyşyny öt. 
    Barhudaýa! Barlyklara Keremim, mahluklara Merhemetim bardyr diýip şaýatlyk eden Sensiň. Senden başga Başarjaň, Gerçek we Erk-ygtyýarly Alla ýokdur.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Şypa Üçin Dogalar (#11998)

Hu’Alla.
    Eý Perwerdigär! Bu ýaşaýyş suwuna suwsany Dirilik çeşmesinden gandyr. Bu hassany Melekuty derman bilen em et. Bu bimara hakyky şypa ber. Bu ýykylana Agzam däri bilen kuwwat hem güýç ber. Sensiň Şypakär. Sensiň Binyýaz. Sensiň Wepadar.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

